logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞAN-ŞÖHRATLY ÝOLLARY BAR ATALAŇ, BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAN WATANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Şan-şöhratly ýollary bar atalaň, Bedew batly öňe barýan Watanym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler eziz Diýarymyzyň ertirleri aýdyň, geljegi röwşen, günleri şuglaly, aýlary nurly, ýyllary bereketli bolup, beýik ösüşler bilen öňe barýan, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly halkymyzda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredip, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy ýeneki üstünliklere ynamy artdyrýandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri ynsana mahsus gylyk häsiýeti hem-de eýesine wepalylygy bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýedigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.