Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň hem-de Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda, «Arkadag Serdarly bagtyýar Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygyň milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň arzuwlan ýoly we beýik geljegimiziň berk binýady bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, eýsem, bütin halkymyzyň agzybirligini, Watana bolan söýgüsini we gülleýiş ýolundaky uly zähmetini görkezýän beýik baýramdygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.