2025-nji ýylyň iýul aýynyň 5-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wideo aragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny esasan-da muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky beren tabşyryklary bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar. Muzeýlerde audiogid, QR kodlar, multimediýa enjamlar, muzeýleriň internet saýdlary, gologramma ýaly sanly ulgamyň enjamlary ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny amala aşyrmaga degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de ýurdumyzda “Elektron hökümet hakynda” we “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryndan ugur alyp ýurdumyzyň ähli muzeýlerinde internet hyzmatlaryndan peýdalanmaklyk üçin ähli şertler döredildi. Şu jähtden ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň wirtual muzeý saýdyny kämilleşdirmek boýunça işler ýola goýuldy.
Dünýäde ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen häzirki zaman habarlar we aragatnaşyk tehnologiýasynda wirtuallaşdyrmak dünýäsi giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň buýsançly taryhyny, milli mirasyny, medeniýetini we sungatyny wirtual görnüşe geçirmek arkaly wagyz etmeklige ägirt uly ähmiýet berýär. Wirtuallyk (Wirtual–gurşaw)-kompýuterde sintezlenen üç ölçegli ulgam bilen adamyň baglanyşygydyr. Wirtual gurşaw adamyny habarlar ulgamy bilen baglanyşdyrýar. Bu adamyň kompýuter bilen we onuň emele getirýän dünýäsi bilen gatnaşygyň modelirlemesidir. Häzirki döwürde internetiň wirtual dünýäsinde muzeýleriň uly mümkinçilikleri nazara alnyp, bütin dünýäde Internet muzeýleri döredilýär. Internet ulgamynda diňe bir maglumat alyşma bilen çäklenmän, muzeýara maslahatlary geçirmek, taslamalary işläp taýýarlamak, hyzmatdaşlyk birleşiklerini döretmek hem mümkindir. Bulardan başga-da muzeýler öz saýtyny mahabat hökmünde ulanmak hukugyna hem eýedir.
Wirtual muzeýiň üsti bilen wirtual ekskursiýalary (gezelençleri) syýahaty hakyky muzeýde syýahat gurnandan hem gyzykly görnüşde gurnamak mümkinçiligi hem bar. Şeýle hem wirtual muzeýiň kömegi bilen wirtual sergileri, muzeý gymmatlyklaryny hem görkezip bolýar. Şeýle hem wirtual medeni ýadygärlikleriň döredilmegi we görkezilmegi, taryhy dikeltmeler, interaktiw eksponatlar, bir wagt ýitirilen desgalaryň we eksponatlaryň (gymmatlyklaryň) täzeden döredilmegi, medeni mirasyň we nesillere tabşyrylyşynyň düýbünden täze derejä geçmgine hem mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň hemişelik sergi zallarynyň wirtual görnüşe geçirilmegi muzeýiň inetrnet torundaky adamlar bilen gatnaşygynyň has-da ýygjamlaşmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Bu bolsa adamlarda sanly medeniýet diýen düşünjäniň has-da ösmegine itergi berýär.
Ogulşat DÄDEBAÝEWA
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň uly ylmy işgäri