Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli pudaklarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyrşyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalar arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.
Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek , ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu günki gün innowasion we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Ýaşlarda milli däp-dessurlarymyzy, ebedi mirasymyzy, şöhratly geçmiş taryhymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi öwretmekde, ylym-bilim bermekde sanly ulgamyň orny örän uludyr.
Muzeýlere innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy türkmen halkynyň medeni mirasyny, taryhyny, häzirki we geçmiş medeniýetini öwrenmäge, goramaga hem-de wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde wirtual muzeý internet saýty döredildi. Bu saýta giren her bir adam “Watan mukaddesligi” muzeýine wirtual arkaly gezelenç edip bilýär. Ol özüniň gyzyklanýan temasyny saýlap we düwmä bir gezek basyp muzeýiň “Gökdepe söweşi we beýik watançylyk urşy” “Gökdepe söweşiniň panoramasy”, “Ýer titreme”, “Aşgabat” bölümlerine gezelenç edip biler. Internet-saýtdan diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem daşary ýurtlylar hem peýdalanyp bilerler. Muzeýlerde wirtual usulyň ornaşdyrylmagy adamlaryň wagtyny tygşytlamaga, şeýle-de özlerine amatly pursatda muzeýlere gaýbana syýahat etmäge şert döredýär.
“Watan mukaddeslik” muzeýi döwrebap tehnologiýalar bilen ornaşdyrylyp, muzeýe gelýän daşary ýurtly myhmanlar audio gid enjamyndan peýdalanyp bilýärler. Bu enjamyň ses ýazgylary bäş dilde (türkmen, iňlis, rus, hindi, türk) muzeý hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy.
Bulardan başgada sanly ulgam, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan “Aşgabat” bölüminde Aşgabat şäheriniň gözel keşbiniň binalaryny görkezýän Golografik enjamy ornaşdyrylan. Bu binalaryň maketleri 3-D şekilleri bilen hem giňişleýin teswirlenýär.
Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp türkmen muzeýleriniň milli medeniýeti, sungaty, taryhy, halk senetlerini wagyz etmekdäki ähmiýeti ýokarlanyp, olar öz ösüşiniň sanly tapgyryna gadam basýarlar.
Sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe mähriban halkymyzy, bagtyýar ýaş nesillerimizi aýdyň geljege ruhlandyryp, ýüreklerde berkarar döwrümizi rowaçly menzillere besleýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşy goşalandyrýar.
Jeren ALTYÝEWA
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň Baş gazna saklaýjysy