Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Sanly ulgam-innowasion ösüşiň binýady» atly kitap sergisi we maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler häzirki döwürde elektron görnüşli maglumatlary has ygtybarly we tygşytly saklamaga ony has çalt we giňişleýin ýaýratmaga, olardan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik döredilýändigi barada hem-de medeniýet ulgamynda täzeçil tehnologiýalary ýola goýmaklyk munuň özi ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri bilen birlikde geljekde ulgamdaky sanly özgertmeleri durmuşa geçirmäge ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýändigi barada täsirli çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän belent maksatnamalary röwşen geljegimize tarap ynamly öňe barmagyny arzuw etdiler.