logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sanly ulgam - kitaphanalaryň täze mümkinçilikleri

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Söz mülküniñ bossany” gepleşiginiň ýazgy etmeginde, sanly ulgamyň kitaphanalara giňden ornaşdyrylmagy we giň mümkinçilikleri barada “Sanly ulgam - kitaphanalaryñ täze mümkinçilikleri.” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ösen tehnologiýalardan peýdalanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly söhbetler etdiler. Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň öz saýdynyň üsti bilen okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygy, giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýändigi barada hem söhbetdeşligiň dowamynda durlup geçildi.