logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SANLY ULGAM WE ÝAŞLAR

SANLY ULGAM WE ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde sanly ulgamyň kitaphanalara giňden ornaşmagy we sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri barada «Sanly ulgam we ýaşlar» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, dünýäde giň gerime eýe bolan ösen tehnologiýalaryň eçilýän miwelerinden gönüden-göni peýdalanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler etdi. Ýaşlaryň kompýuter tehnologiýalaryna erk etmegi, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy barada hem aýratyn nygtady. Döwür bilen deň derejede ösýän, kämilleşýän kitaphanalaryň biri bolan Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň öz saýdynyň üsti bilen okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy, has giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmegi baradaky buýsançly sözler söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini hem-de döwrebap kitaphanalaryň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, kitap bilen, kitaphana bilen dostlaşmagyny gazanmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.