logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SANLY ULGAM WE ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde sanly ulgamyň kitaphanalara giňden ornaşmagy we sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri barada “Sanly ulgam we ýaşlar” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, dünýäde giň gerime eýe bolan ösen tehnologiýalaryň eçilýän miwelerinden gönüden-göni peýdalanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler etdi. Ýaşlaryň kompýuter tehnologiýalaryna erk etmegi, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy barada hem aýratyn nygtady. Döwür bilen deň derejede ösýän, kämilleşýän kitaphanalaryň biri bolan Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň öz saýdynyň üsti bilen okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy, has giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmegi baradaky buýsançly sözler söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini hem-de döwrebap kitaphanalaryň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, kitap bilen, kitaphana bilen dostlaşmagyny gazanmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.