Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny amala aşyrmaga degişli işler alnyp barylýar. Muzeýimiziň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde sanly ulgamyň muzeýlere giňden ornaşmagy we wirtual syýahatyň ähmiýetiniň giň mümkinçilikleri barada söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, ähli ulgamlara sanly usullary ornaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde döredilen wirtual sergi muzeý gymmatlyklary bilen ilatyň has amatly usulda tanyşmagynda we ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşaýjylar wirtual usul arkaly muzeýe syýahat edip, dürli eksponatlar bilen tanşyp bilýändikleri barada aýdyldy. Häzirki wagtda bütindünýäde wirtual usul örän işjeň ösdürilýär. Olaryň medeniýet we sungat ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylmagy, adamlaryň wagtyny tygşytlamaga, şeýle-de özlerine amatly pursatda muzeýlere gaýybana syýahat etmäge şert döredýär. Wirtual muzeýleriň döredilmegi bolsa halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, medeni-taryhy ýadygärliklere degişli gyzykly maglumatlary we tapylan tapyndylary giňden wagyz etmek hem-de olar bilen ýakyndan tanyşmaklyga uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle maglumatlary raýatlar smartfon telefonlaryň we internetler birikdirilen kompýuterleriň üsti bilen hiç hili bökdençsiz görüp we okap bilýändikleri, gerekli maglumatlary örän çaltlyk bilen almaklyga we ulanmaklyga uly ýardam edýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi.
Şeýlelik bilen, türkmen muzeýleriniň milli medeniýeti, sungaty, taryhy, halk senetlerini wagyz etmekdäki ähmiýeti ýokarlanyp, olar öz ösüşiniň sanly tapgyryna gadam basarlar. Muzeýiniň hemişelik sergi zallarynyň wirtual görnüşe geçirilmegi muzeýiň internet torundaky adamlar bilen gatnaşygynyň has-da ýygjamlaşmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Bu bolsa adamlarda sanly medeniýet diýen düşünjäniň has-da ösmegine itergi berýär. Türkmenistanyň muzeýlerini dünýä tanatmakda, olary ösdürmekde hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!