logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SANLY ULGAMYŇ ÄHMIÝETI

SANLY ULGAMYŇ ÄHMIÝETI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sanly ulgamyň ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň kitaphanalarynda işiň kämilleşmegine we döwrebaplaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilip, bitewi elektron resminama dolanşygyny ýola goýmak, elektron kitaphana ulgamyny döretmek we elektron kataloglary guramak işine aýratyn üns berilýändigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.