logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgamy ösdürmek üçin giň şertleri döredip berýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň internet salgysyna, degişli hünärmenler tarapyndan yzygiderli täzelikler girizilýär. Hereket edýän artmuseum.gov.tm internet sahypamyzda ýerleşdirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astyndaky onlaýn sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Bu onlaýn sergi ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan, türkmenleriň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasy bolan türkmen bedewlerine bagyşlandy. Şeýle hem, ikinji onlaýn sergimiz bolsa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň eserlerine bagyşlandy hem-de öz işine başlady. Onlaýn sergi muzeýimiz bilen daşary ýurtlaryň belli muzeýleriniň arasynda gatnaşyklarymyzy giňeltmäge, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň biziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da içgin öwrenip, türkmen jemgyýetiniň maddy we ruhy baýlyklary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döredýändigi hakynda muzeýiň hünärmeni Aýgül Bekmiýewa çykyşynda belledi.