logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY-KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň özbaşdaklygy, şan-şöhratly ýollarynda ýetilen belent sepgitler dogrusynda, baky Bitaraplyk derejämiziň bütin dünýäniň ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de behişdi bedewlerimiz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygy bolup, türkmen halkynyň göz guwanjy, buýsanjydyr diýip nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda behişdi bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan, ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.