Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmen kitap» lomaý we bölek birleşiginiň 4-nji dükanynda «Sarpasy belent zenanlar» atly söhbetdeşlik geçirildi hem-de «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygy, parahat, asuda ýurdumyzda zenanlaryň ähli ugurlarda zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli däp-dessurlarynda zenanlara aýratyn hormat goýmagyň möhüm orny eýeländigi, ene-mamalarymyzdan miras galan edep-terbiýe, maşgala ojagyna wepalylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik ýaly asylly häsiýetleriň türkmen zenanlarynyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hakynda söhbet etdiler.