logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ŞATLYK PAÝLAP, NOWRUZ GELDI ÄLEME

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Şatlyk paýlap, Nowruz geldi äleme» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirligi, ýurt abadançylygyny, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny özara düşünişmegini üpjün edýän ähmiýetli baýramdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýändigi barada çykyş etdi. Çäräniň dowamynda şahyrlaryň okap beren ajaýyp şygyrlary, höwesjeň okuwçylaryň milli bahar baýramyna bagyşlap taýýarlan goşgulary, aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Çäräniň ahyrynda tebigatyň älemlere ýaýan nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi bilen goşalandyran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.