Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda “Şatlykly günleriň owazy” atly ertirlik geçirdiler. Tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmekleri üçin olara gyzykly kitaplary okap, olar barada sorag- jogap alyşdylar. Çagalaryň şatlykdan doly dünýäsi bizi çagalygyň goýnuna dolady. Olaryň ýürek owazlaryny diňlemek bolsa diýseň gyzykly. Çagalar özleri üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.