logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAZ FESTIWALY

Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhy diýseň baýdyr. Halk dessanlarymyz biziň günlerimize bagşy-sazandalarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri netijesinde nesilden-nesle geçip gelipdir. Diýmek, biziň ýurdumyzda aýdym-saz sungaty altyn hazyna deňelýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde birnäçe çäreler, bäsleşikler we festiwallar alnyp barylýar. Şol sanda “Zehinli ýaşlar” atly saz festiwaly şu günlerde dowam edýär. Bu festiwala ýaş höwesjeň talyplar we mugallymlar gatnaşyp öz ussatlyklaryny görkezdiler. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Mähri Hojaýewa we “Magtymguly” medalynyň eýesi Magtymguly Magtymgulyýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymlary “Ulus illerde”, “Gutar meni”, “Biläni”, “Bellidir”, “Ýigide”, “Pyganym bar”, “Näz eder”, “Ne peýda”, “Ýaraşmaz”, “Görüm görülmegen ýerde”, “Azerbaýjan” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandylar.

Festiwalyň dowamynda Ödeniýaz Nobatowyň “Ene hüwdisi”, A.Ablyýewiň “Gyzlaryň”, S.Jepbarowyň “Mekany daglar” atly aýdymlary ussat mugallymlar tarapyndan belent owaz bilen ýerine ýetirilip, myhmanlaryň gyzgyn el-çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Festiwal tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary janlandyrdy.

Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin gerekli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.


Gülkamar DÖWLETOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby