Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara gatnaşyklar ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda geçirilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara saz festiwalynyň geçirilmegi hem dostlukly döwletler bilen ýakyndan gatnaşyklaryň has-da berkidilmeginiň subutnamasydyr. Bu festiwalyň geçirilmegi Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylynda geçirilmeginiň hem aýratyn manysy bardyr.
Festiwal Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm waka-daşary syýasatynyň we diplomatik ugrunyň esasy bolan hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistan yzygiderli dialog, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ideýalaryny öňe sürmek bilen, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň sazlaşykly ýaşamagy üçin çykyş edýär. “Parahatçylyk sazy” diňe bir medeni çäre bolman, eýsem bu gymmatlyklary ýokary derejede berkitmek üçin esasy işleriň biri bolup durýar.
Geçen bu festiwal möhüm ynsanperwer we medeni wezipeleri öňe sürdi. Ilkinji nobatda, bu dürli halklaryň milli ýerine ýetiriliş mekdepleriniň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmakda oňyn netijesini berdi. Sazandalar, kompozitorlar, opera aýdymçylary we mugallymlar diňe sahnada çykyş etmek mümkinçiligine däl-de, eýsem aragatnaşyk saklap, tejribe alyşyp, döredijilik duşuşyklaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Festiwalyň çäginde şeýle duşuşyklaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem geçirildi. Geçirilen bu duşuşyga festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar: kompozitor, jemgyýetçilik işgäri, Nury Halmamedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” atly Moskwa halkara sungat festiwalynyň art-direktory Mamed Guseýnow, opera aýdymçysy, Moskwanyň “Gelikon-opera” saz teatrynyň artisti, Bütin Russiýa we Halkara bäsleşikleriniň laureaty Darýa Guseýnowa, opera aýdymçysy, Azerbaýjanyň döwlet akademiki saz teatrynyň artisti, Azerbaýjanyň at gazanan artisti Saida Şarifaliýewa, Gyrgyz Respublikasynyň at gazanan artisti, Oş döwlet uniwersitetiniň dosenti Abdi Kojomjarow; Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň we Ermeni döwlet filarmoniýasynyň wekilleri Katarine Owsepýan we Wartan Haçaturýan; Halkara, respublika bäsleşikleriniň laureaty, Bütin Russiýa bäsleşikleriniň diplomaty, Başgyrt döwlet opera we balet teatrynyň solisti Rim Rahimow dagylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlaryň öňünde çykyş etdiler.
Diýseň täsirli ýagdaýda geçen duşuşyk şol bir wagtda hem döredijilik duşuşygy, hem konsert, hem-de ussatlyk sapagy boldy diýip oňa gatnaşanlar bellediler. Çykyş edenler diňleýjilere öz halkynyň saz medeniýetiniň aýratynlyklaryny görkezmegi başardylar. Wokal eserleriniň dürli dillerde ýerine ýetirilendigine garamazdan, saz dili hemmeler üçin ýeke-täk we düşnükli boldy. Dürli duýguly, inçe saz dili arkaly halklaryň arasynda ynam we özara düşünişmeklik ýola goýuldy diýip çykyş edenler bellediler.
Umuman, “Parahatçylyk sazy” atly saz festiwaly dürli medeni däpleriň birleşmesine öwrüldi. Onuň maksatnamasynda ýewropa klassikasynyň eserleri, gündogar ýurtlarynyň saz eserleri, halk sazlarynyň häzirki zaman formasynda düşündirişleri görkezildi. Ýaş ýerine ýetirijiler bilen ussatlaryň arasynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilmegi, täze nesil sazandalaryny ruhlandyrmaga mümkinçilik döretdi.
Bu festiwaly geçirmek üçin Türkmenistan döwletimiziň saýlanyp alynmagy hem tötänleýin däldir. Sebäbi Bitaraplygyň yglan edilmeginden bäri döwletimiz yzygiderli dünýä parahatçylygy, hyzmatdaşlyk we medeni köpdürlülige hormat goýmak syýasatyny amala aşyrýar. “Parahatçylyk sazy” festiwalyny guramak bilen, Türkmenistan medeni başlangyçlary tassyklaýar.
Ýurtlaryň arasynda ynsanperwer baglanyşyklary berkitmek, medeni başlangyçlar arkaly döwletleriň işjeň keşbini döretmek, ýaşlaryň professional ösüş mümkinçiliklerini giňeltmek, bularyň ählisi “Parahatçylyk sazy” ýaly çäreler arkaly ýola goýulýar.
Röwşen ATAÝEW
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň mugallymy