Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri–beýik maksatlaryň, uly üstünlikleriň döwri. Her bir güni beýik işler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda medeniýetde we sungatda gazanylýan üstünlikler barha rowaçlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda alnyp barylýan asylly işleriň rowaç gadamlary uly durmuş mekdebine öwrüldi. Çünki halypalara hormat goýmak, olaryň pähim-paýhasyna uýmak her bir şägirt üçin mukaddes borçdur.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesi talyp ýaşlarymyzyň sungat biliminiň we döredijilik garaýyşynyň kämil derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Biz muny 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisinde görýäris. Tutanýerli zähmet çekýän ussat halypalarymyzyň gymmatly maslahatlary esasynda ýerine ýetirilen döredijilik eserleriniň her birinde zehinli talyplarymyzyň şekillendiriş sungatyndaky ädimlerinde täze güýjüň hyjuwly zähmetinde jemlenendigini duýýarys. Sergi zalynyň diwarlaryny bezeýän sungat eserlerine syýahat etmek sungat muşdaklaryna hasam täsirli boldy.
Toý ruhuna beslenen halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, ýörelgelerini wasp edýän ýaş suratkeşleriň sungat eserleri göwünleri joşdurýar. Biz muny täze döredijilikli hem-de çuň manyly beýan edilen zehinli talyplarymyz Jumamyrat Gurbanowyň «Parahatçylyk sazy, dost-doganlyk sazy», Mahym Rejepowanyň «Bitaraplygyň waspy», Arzuw Ataýewiň «Bitaraplyk toýy», Çemen Gurbannepesowanyň «Dostluk», Gülmährem Tagyýewanyň «Bagtyýar çagalyk» ýaly işleriniň mysalynda görýäris.
Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatlaryna eýerip döreden ajaýyp eserleri halkymyzyň belent buýsanjy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ýakymly seslenme bolandygy bizi diýseň buýsandyrýar.
Göwher Çopanowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy