logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýynyň çeper keşbi

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Türkmen alabaýy - wepadarlygyň nusgasy” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi guraldy.
Sergide suratkeşler Patdyk Patdykowyň “Goragçy”, Ýusup Hemraýewiň “Senenama”, Agadöwlet Sapargeldiýewiň “Paýtagtyň gözel künjegi”, Aly Sytdyhowyň “Türkmeniň wepaly ýoldaşy”, Sadap Kurbanowanyň “Wepaly”, Baýly Aýnazarowyň “Säheriň sazlaşygy”, Serdar Osmanowyň “Miras”, Täzegül Döwletowanyň “Türkmen alabaýy”, Perman Annagylyjowyň “Wepaly alabaý”, Aýnur Sähetmyradowanyň “Wepaly dost”, Mähriban Jumaýewanyň “Täze dostluk”, Ýazgeldi Ylýasowyň “Wepaly alabaý” ýaly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy.
Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde alabaýlara bolan söýgi içgin duýulýar. Nakgaşçylyk sungatynda jandarlaryň çeperleşdirilýän ýörite žanry bolup, ol animalistik žanr diýlip atlandyrylýar. Bu žanrda işleýän nakgaşlar jandarlaryň dürli pursatlardaky görnüşlerini çeperçilik akymlary bilen baýlaşdyryp reňkler bilen çeperleşdirip beýan edýärler.
Sergide suratkeşleriň 200 - den gowrak nakgaş, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Eziz Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen şekillendiriş sungaty ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Türkmen suratkeşleri kämil eserleri bilen halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri uly üstünliklere beslensin.