logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Şekillendiriş sungatynda zenan waspy

Bahar pasly tebigatyň täzelenýän, gülleriň müşk ysynyň burk urýan döwrüdir. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Türkmen suratkeşleri öz eserlerinde gelin-gyzlaryň keşbini diňe bir daşky gözellik däl, eýsem mährem ene, wepaly ýoldaş we zähmetsöýer zenan hökmünde uly ussatlyk bilen wasp edýärler.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde 8-nji mart - Halkara zenanlar gününiň uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýän günlerinde sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly serginiň açylyş dabarasy uly baýramçylyga beslendi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden myhmanlar, medeniýet, sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk sergisinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan ussat halypalaryň eserleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de erkin suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserlerine, keramika, haly, gobelen we zergärçilik önümlerine uly orun berildi. Sergidäki şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri türkmen zenanynyň mähir-muhabbetini, ruhy dünýäsiniň baýlygyny giňden açyp görkezýär. Manyly sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr.