logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI HÜNÄRINIŇ DIPLOM GORAGY GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň talyplarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Talyplaryň diplom işlerinde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, grafika, binagärlik, dizaýn ýaly dürli ugurlar boýunça ýüzlenilen temalaryň ähmiýeti seljerilip, halypa mugallymlar tarapyndan şol eserleriň wajyplygy barada bellenildi. Talyplar Ogulgerek Pürsýänowanyň «Häzirki zaman türkmen nakgaşçylygynda täze gözlegler (B.Berkeliýewiň döredijiliginiň mysalynda)», Abdyrahym Berdiýewiň «Türkmen milli at şaý-sepleriniň çeperçilik aýratynlygy (XX – XXI asyr)», Şirin Janekowanyň «Türkmen haly sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi (A.Islamowa we G.Berdiýewa)», Gurbanmyrat Rejepowyň «Aşgabat şäheriniň metjitleriniň binagärlik aýratynlyklary», Babamyrat Gurbanowyň «Dizaýn suratkeşi Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi» atly çykyşlary boldy. Şeýle-de şekillendiriş sungatynda öz döredijiligi bilen giň orun alan ýaş türkmen suratkeşleriniň döredijiligi barada taýýarlanan kitap monografiýalar we görkezme esbaplary synag toparynyň dykgatyna hödürlendi. Diplom goragyna gatnaşan alymlar tarapyndan talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini metbugatyň önümçiliginde ornaşdyrylmagy ýerlikli hasap edildi.