logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ŞEKILLERDE JANLANAN BEDEW

Türkmeniň milli buýsanjy we gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerini şekillendiriş sungatyň dürli görnüşlerinde, her bir suratkeşiň döredijiliginde görmek bolýar. Türkmen grafika sungatynda bedewleriň mynasyp orny bolup esasanda, ussat grafika suratkeşi Alymjan Işangulyýewiň döredijiliginde bu behişdi barlygyň sarpasy belent tutulýar.
Grafikanyň dürli tilsimleri bolup, olar boýunça naýbaşy eser döretmek ussatlygy talap edýär. Grafikanyň seýrek ulanylýan çylşyrymly görnüşi bolan gratografiýa usulyny ulanyp ençeme eserleri döreden ussat halypa suratkeş Alymjan Işangulyýew döredijiliginde türkmen bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär. Gratografiýa - bu garaňky fonda ýörite şol tehnika üçin niýetlenen kagyz arkaly keşbi ýagty esasa çyzmak arkaly şekil döredilýän grafiki sungatyň bir görnüşidir. Bu tehnika hiç hili ýalňyşlygy kabul etmeýär. Şonuň üçin bu usul ussatlygy we irginsiz zähmeti talap edýär. Suratkeş şeýle tilsim arkaly bedewleri şahyrana wasp etmek üçin inçe we täsir ediji şekilleri ulanýar. Onuň grafika dili örän çeper bolup, ownuk ştrihler uzyn üznüksiz çyzyklar bilen sazlaşýar.
Suratkeşiň gratografiýa tehnikasynda jikme-jik ýerine ýetirilen “Türkmen awçylary” (2016 ý.) eseri bizi däp bolan türkmen awçylygynyň dünýäsine alyp barýar. Taslamada aýratyn teksturany, kontrasty we çyzyklaryň aýdyňlygyny duýmak bolýar. Monohrom sahnanyň dinamikasy we ritm, keşpleriň hereketliligi tolgundyryjy, dartgynly pursaty nygtaýar. Taslamanyň merkezinde çöl peýzažynda çapýan üç atly bar. Öňdäki esasy gahryman ýaý atýan pursatynda görkezilýär. Aýgytly pursat iň ýokary derejede ünsimizi bir ýere jemleýär. Esasy gahryman ýaýyny çekip atuwa taýýar. Onuň lybas aýratynlygyna üns bersek soltan ýa-da beg bolmaly. Yzky meýilnamada şekillendirilen ýigitler bolsa türkmen milli lybasynda görkezilýär. Atlylar batly öňe okdurlan. Ýokary tizlikli bedewleriň myşsalary dartgynlylygy atlaryň güýjüni we çydamlylygyny görkezýär. Iki sany türkmen tazy iti bolsa awyny kowmaga işjeň gatnaşýar. Bu eser diňe aw sahnasyny suratlandyrmak bilen çäklenmän eýsem, türkmen awçylarynyň däp-dessurlaryna, batyrlygyna we ussatlygyna bagyşlanan öwgüdir.
Gratografiýa usulyny ussatlyk bilen ulanmagy başaran eserlerinden A.Işangulyýewiň “Türkmen hany”, “Serkerde şahyr”, “Awçy” (2014 ý.) diýen üç bölekden ybarat triptihiniň esasy temasy bedewlere bagyşlanyp, ahalteke bedewleriň türkmen gerçekleriniň durmuşyndaky mynasyp orny görkezilýär. Dabaralylyk, gözýetim, giňişlik, howa eseriň çeperçiligini alamatlandyrsa, şekilleriň takyk ýerine ýetirilmegi onuň gymmatyny artdyrýar. Millilige ýugrulan bu triptihde merkezi bölekde türkmen hany tuguny belentde parladyp türkmen topragynyň han-begleriň, şalaryň merkezi bolandygyny, ahalteke atlaryň mekany bolandygyny nygtasa, birinji bölekde serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi çuňňur oýa batyp bedew wepadarlygyndan ylhamlanyp eser döredýän ýaly. Triptihiň üçünji bölegi bolsa ýene suratkeş üçin gyzykly bolan temalaryň biri aw sahnasyna bagyşlanýar.
Türkmen milli däp-dessurlaryna döredijiliginde mynasyp orun bermegi başaran suratkeşiň “Türkmenistan – toýly mekan” triptih eseriniň sag tarapky “Owlak gapdy” (2012 ý.) bölüminde grafika sungatynyň çylşyrymlylygy ýeňillik bilen çözülýär. Eseriň merkezinde bedew atly ýigitlere orun beren suratkeş olaryň anatomik gurluşyny ussatlyk bilen görkezmegi başarýar.
Grafika eseriň taslama merkezinde esasy keşp hökmünde bedewi şekillendiren eserleriniň arasynda “Hoş geldiňiz Türkmenistana!” (2017 ý.) atly gratografiýa tehnikasynda ýerine ýetirilen eserinde atly ýigitler toparyny we olary buýsanç bilen garşy alýan märekäni görmek bolýar. Ak-garanyň sazlaşygyndan gözýetimi görkezmek, ýagty-kölege täsirini, göwrümi ýüze çykarmak bu çylşyrymly tilsimde köp zähmeti talap edýär. Suratkeşiň ýerine ýetiren eserleriniň ählisinde adamzadyň ýürekdeşi, ýow gününiň ýoldaşy bedewleriň tarypy ýetirilýär.
Bedew keşbi suratkeşiň döredijiliginde dürli tehnikada ýerine ýetirilen eserlerde gabat gelip bu onuň irginsiz zähmetiniň, sungata, milli buýsanjymyza bolan söýgüsiniň miwesidir. Elbetde şeýle söýgi Alymjan Işangulyýewyň maşgalasy suratkeş zenan Ýelena Işangulyýewanyň döredijiliginde hem gabat gelýär. Ahalteke bedewleriniň taýsyz gözelligi sungatyň düýpsiz ummany bilen sazlaşanda ajaýyp eser döreýär. Grafika sungatynyň dürli tilsimlerini ulanyp döredijiligini baýlaşdyrýan suratkeşlerden Ý.Işangulyýewa “Meniň wepaly dostlarym” (2020 ý.) we “Bedew” (2022 ý.) atly eserlerini şolkografiýa tehnikada ýüpek matanyň ýüzüne akril boýagda mawy-gök reňk öwüşginleri arkaly monohrom işleýär. Eserler milli ruhy mirasy wasp edip mawy we pöwrize reňkleriň sazlaşygy adatdan daşary gözelligi ýüze çykarýar. “Meniň wepaly dostlarym” atly eserde taslamanyň merkezinde oglanjyk alabaýy gujaklaýar, şol wagtyň özünde bedew olara goragçy ýaly hemaýat berýär. Ýüpek mata bu tehnikada reňkleriň ýumşak geçişini üpjün edýär we şekilleriň göwrümini duýmaga ýardam berýär. “Bedew” eserde bolsa dolan aýyň şöhlesine garaňky gijeden saýlanýan ahalteke bedewi, dünýä şöhraty dolup, türkmen dünýäsiniň nurana geljegi manysynda berilýär. Elbetde suratkeşiň şeýle baý dünýägaraýşy milli gymmatlygymyz bilen sazlaşanda taýsyz sungat eseri döreýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň şygaryndan ruhlanýan suratkeşler şu ýyl bilen baglanyşykly täze taslamalaryň üstünde işlemegi bolsa eziz Watanymyza, ahalteke bedewimize çäksiz buýsanjyň nyşanydyr.

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy