logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Şekillere siňen bedewler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur, baýramlara beslenýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň taryhy ýoluny, häzirki ösüşlerini hem-de geljege bolan beýik ynamyny özünde jemläp, döwletimiziň okgunly ösüşleriniň bedew bady bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar.
Şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimizi hem-de ajaýyp atşynaslyk sungatyny ylmy taýdan öwrenilmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny hem döredipdir. Ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýar döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrüldi.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilmegi we dürli bäsleşikleriň, döredijilik sergileriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň türkmen bedewleri sungat äleminiň genji-hazynasy» atly döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Bu sergide ýaş mugallymlar we zehinli talyp ýaşlar şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary boýunça nakgaşçylyk, grafika, dizaýn, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungaty eserlerinde behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygyny, owadanlygyny, wepadarlygyny ussatlyk bilen wasp etdiler. Şeýle ajaýyp eserleriň biri hem «Grafika» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Astankul Magtymgulyýewiň «Erkin bedew» atly nakgaş eseridir. Ýaş suratkeş ahalteke bedewlerimiziň owadanlygyny, ýyndamlygyny, wepadarlygyny öziniň nakgaş eserinde ussatlyk bilen görkezipdir. Ahalteke bedewleri eseriň merkezinde ýerleşdirilipdir. Eserdäki ak şäherimiz gözel Aşgabadyň ajaýyp keşbi, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bedew bady bilen öňe sary barýan Watanymyzyň aýdyň nyşany bolup alamatlandyrylýar. Eserdäki ak kepderiler bolsa, Watanymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny we agzybirligini aňladýar. Mundan başga-da zehinli talyplarymyz Yhlas Allanazarowyň «Erkana bedewler», Ýazgeldi Ilýasowyň «Bedew aty», Nurana Babamyradowanyň «Merjen atym», Güljahan Orazmämmedowanyň «Bedew bady» atly eserleri giň mazmunlylygy bilen has-da tapawutlanýar.
Sungat ojagymyzda bilim alýan talyp ýaşlar türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimizi sungatyň ähli ugurlary boýunça wasp etdiler. Her bir esere seredeniňde talyplaryň ýürek buýsanjyny görmek bolýar. «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Jeren Hudaýberdiýewanyň «Türkmen bedewi» atly haly eserinde-de behişdi bedewlerimiziň gözelligi wasp edilýär. Bu eser gözelligiň iň uly nusgasy bolup, ahalteke bedewini türkmen ýaýlasynda şekillendiripdir. Talyp çitimleriň üsti bilen gül-gülälege beslenen türkmen ýaýlasynda, erkin hereketde duran bedewiň ajaýyp keşbini janlandyrýar. Eseriň dört gyrasyny bolsa guşly göl nagşy bilen bezeýär.
Türkmen halkynyň asyrlardan aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, giňden wagyz etmek hem-de ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýän bu döredijilik sergisi türkmen bedewine bagyşlanan baýramçylyk sowgady boldy.

Oguljan DAÝYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň III ýyl talyby