logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI PUDAGYNYŇ KUWWATY ARTDYRYLÝAR

SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI PUDAGYNYŇ KUWWATY ARTDYRYLÝAR

Hormatly Prezidentimiz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň-Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýurdumyzyňgurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.

Geçen ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň her biri ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

«Türkmenistan» gazeti