logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollarynyň orny” atly sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollary diňe bir ulag ulgamynda däl, eýsem tutuş milli ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýär. Ýurduň geoykdysady ýerleşişini netijeli peýdalanmakda hem-de içerki we halkara söwda ýollaryň gurluşygynyň döwrebaplaşdyrylyşy ilkinji hatardaky wezipeleriň biridir. Döwrebap awtomobil ýollarynyň Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrýan durnukly ösüşi üpjün edýän we ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornuny berkidýän möhüm strategiýa bolup durýandygy barada sergi bilen gyzyklanan okyjylara gürrüň berildi. Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.