logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SERGIDE SAKLANAN SARPA...

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gurbangeldi Gurbanowyň «Meniň doglan günüm», «Ýüpek ýol», «Ýaz», «Güýz», «Gyş», «Tomus», «Kese ýapda ýagyş», «Üç gözel», «Näme sen», «Kese ýabyň säheri», «Kosmos», «Düýeler», «Merwe gezelenç», «Kerwen», «Ak gämi» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.
Gurbangeldi Gurbanow 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dogulýar. Ol Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden aýratyn hem «Ak gämi» powestinden täsirlenip döreden nakgaşlyk we grafika eserleri bilen tanalýar. Gurbangeldi Gurbanow tanymal erkin suratkeşdir. Halypa suratkeşiň grafika eserleri hem mazmunlary boýunça düýpli ýazylan işler hasaplanýar. Nakgaşçylyk işleri taslama we reňk çözgütleri taýdan aýratyn tapawutlanýar. Gurbangeldi Gurbanowyň işleri ynsan dünýäsine inçe täsir edýän eserlerdir. Suratkeşiň edebiýat sungatyna goýýan sarpasy onuň grafika, nakgaş eserlerinde aýdyň ýüze çykýar. Onuň eserlerinde türkmen dünýäsiniň keşbi, owadan pursatlar, durmuşyň lezzeti aýratyn pelsepewi pikirler bilen baýlaşdyrylyp çeper beýan edilýär.
Şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder.

Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni