logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sesli okaýyş çäresi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, «Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň goşgulary» esasynda kitaphanada sesli okaýyş çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler, Garaşsyz Watanymyzda, bagtyýar zamanamyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlary Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň kalplara rahatlyk berýän eserleri, Watana, il-güne, gözellige bolan söýgüni joşdurýan kitaplary biziň geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde uly gollanma bolup hyzmat edýändigi barada bellediler. Şeýle-de şahyrlaryň watançylyk, ynsanperwerlik, söýgi we ahlak baradaky eserlerinden birnäçesi okaldy.