logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SEÝITNAZAR SEÝDI - SERKERDE ŞAHYRYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 250 ÝYLLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Seýitnazar Seýdi serkerde şahyr» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda aýdy-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Seýitnazar Seýdi türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry-Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dowam edip, ägirt uly döredijilik mirasyny galdyrandygy, şahyryň esasan hem liriki, watançylyk we terbiýeçilik ähmiýetli eserleri, şeýle-de türkmen zenanlarynyň gözelligi baradaky eserleri päkizeligiň, wepadarlygyň nyşany bolup durýandygy barada söhbet etdiler. Serkerde şahyryň şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde hem örän uly orun eýeleýändigini bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň goşgy setirlerinden döredilen birnäçe aýdymdyr, sazlary sungat ussatlary ýerine ýetirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa taryhy şahsyýetlerimizi, nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.