logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Seýitnazar Seýdi – watançy şahyr!

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda “Seýitnazar Seýdi-watançy şahyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige welaýatymyzyň göreldeli, öňdebaryjy medeniýet işgärleri, görnükli şahyrlarymyz, döredijilik bilen meşgullanýan edebi-mirasymyzy öwrenýän alymlarymyz gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýetynda harby watançylyk lirikasynyň ussady Seýitnazar Seýdiniň ömri we döredijiligi,şahyr bilen baglanyşykly täze tapyndylar barada gyzykly we täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Watan üçin çykdym Gyrat üstüne” atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Çykyş edenler we çärä gatnaşyjylar medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.