Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Aşgabat-merkezi Aziýanyň merjen şäheri» ady bilen kitap sergisi, aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýändigi, gözelleşýändigi, ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülendigi barada buýsanç bilen beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher häkimliginiň aýdym-saz döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary bu çärä öwüşgin çaýdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.