logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SINANDALI KLASSYKY SAZ FESTIWALYNA TÜRKMEN ÝAŞLARYNYÑ GATNAŞMAGY

2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Gruziýada klassyk sazy boýunça VII Sinandali festiwalynyñ açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ «Orkestr saz gurallar» fakultetiniñ talyplary Ysmaýyl Sähetmyradow, Seýran Atanýazow, Ýunus Orazow, şeýle-de konserwatoriýanyň uçurymlary Döwran Gylyjow hem-de dirižýor Döwletgeldi Ökdirow dagylar gatnaşýarlar. Türkmen sazandalary Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryñ ýaş sazandalaryny birleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniñ düzüminde çykyş edýärler. Orkestre dirižýorlyk etmekde Italiýa döwletiniñ dirižýory Gianandreo Noseda we Şwesiýa döwletiniñ dirižýory Daniel Blendulf dagylaryň irginsiz zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Festiwalyň dowamynda meýilleşdirilen konsert çykyşlary 14-nji sentýabra çenli dowam edip, olardan dördüsi kamera orkestri, ýedisi bolsa simfoniki orkestr tarapyndan ýerine ýetirilýär. 9-njy sentýabrda bolsa, ady dünýä belli bolan meşhur türkmen kompozitory Nury Halmammedowyñ eserlerinden düzülen konsert meýilleşdirildi. Şeýle-de konsert çykyşlarynyň meýilnamasy dünýä saz medeniýetinde meşhurlyk gazanan ençeme kompozitorlaryň döredijiliginden iň görnükli eserleri öz içine alýar.

Umuman, türkmen talyplarynyň Gruziýada geçirilýän Sinandali halkara festiwalyna gatnaşmagy diňe bir döredijilik duşuşygy bolan eýsem, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän, türkmen medeniýeti bilen beýleki halklaryň medeniýetiniň arasyndaky baglanyşyklary pugtalandyrýan möhüm taslamalaryň biri bolup durýar. Biz ýaşlary okamaga, döretmäge giñ mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden sag bolsun aýdýarys. Olaryň janlary sag, belent başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Suraý ROZYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» hünäriniň 4-nji ýyl talyby