Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýakynda «TW4 Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşajyk okyjylarymyzyň gatnaşmagynda «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi» atly 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap baýramçylyk duşuşygyny geçirdi.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Dabaramyzyň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlyk bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.