logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SOGAPLY IŞLERIŇ GERIMINI GIŇELDIP

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ KÖPÇÜLIKLEÝIN BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞDY

8-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.

Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň çar künjeginde giň möçberli tokaý zolaklaryny, döwrebap seýilgähleri döretmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Täze şäheriň çäklerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Sogap işe gatnaşýanlaryň ruhubelentligi, medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bu ýerde aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirdi. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda guralan dabarada halkymyzyň agzybirligi, asylly işlere bolan höwesi, ýurdumyzyň abadançylygy öz beýanyny tapdy. Asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri we bagşy-sazandalar türkmen toýlarynyň baş bezegi bolupdyr. Bu ýörelgeleriň häzirki bagtyýar döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olara milli sungatymyza, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza, belent daglarymyza, gözel tebigatymyza buýsanyp, olary öz eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny berdi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi has-da baýlaşdyrmak, täze sungat eserlerini döretmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, Milli Liderimiz ýurdumyzyň sungat ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň has-da ösdürilmegi, onuň dünýä çykmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdym-sazly çykyşlar bilen at üstünde sazlaşykly hereket eden oglanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde “Türkmenistan” ýazgyly, bedewleriň şekili ýerleşdirilen, sünnälenip taýýarlanan boýun lybasyny (şarf) gowşurdy.


«Türkmenistan» gazeti