Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan ýakynda Arkadag şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymynyň we bagtyýar talyplarynyň gatnaşmaklarynda “Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk mekdebi” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde geçiren umumy okuw sapagyna gatnaşan bagtyýar talyplar sapagyň barşynda, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, ata-babalarymyzyň galdyran baý mirasy, milli däp-dessurlar we kämil ahlak gymmatlyklary barada täsirli gürrüňleri buýsanç bilen beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi geljekde gülledip ösdürjek türkmen ýaşlaryna watançylyk nesihatlaryny berýän, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.