Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň guramagynda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde Orazguly Annaýewiň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Girdap” hakyndaky goşgulary barada täsirli söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň eserleri barada sowal-jogap alşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde hem-de aýawly saklap, kitaplary ýaş nesillere ýetirmekde uly aladalar edýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.