logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan ýakynda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra gününe bagyşlanyp, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Bakylyk bu – halkyň hakydasynda” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar, ata Watan, mukaddes toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar we erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny pida edip gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekler ýatlanylýar. Watanyň azatlygy, asudalygy ugrundaky söweşlerde gahrymançylygyň nusgasyny görkezen mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylyk ýoly ebedidir. Bu gün ähli şehitlerimiziň ruhuna sadakalar berlip, aýat-dogalar okalýar. Ine, şular hakynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, milli däp-dessurlarymyzy sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.