Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme täze gelen we awtoryň öz gollary bilen sowgat berlen kitaplary, okyjylar köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi hem-de bölümiň okalga zalynda kitap sergisi gurnaldy. Seýrek neşirler bölümine täze gelen ajaýyp kitaplar gaznany has-da baýlaşdyrdy. Söhbetdeşlikde täze gelen kitaplaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyrylyp okyjylar köpçüligine ýetirildi. Türkmen halky taryhy ösüşiniň dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, aýratyn ähmiýet berip gelipdir.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, medeni we ruhy mirasyň halkyň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.