Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň işgärleriniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda, “Türkmen alabaýy - wepalylygyň nusgasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty, türkmeniň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýlaryny öwrenmek, saklamak hem-de ösdürip ýetişdirmeklik barada gürrüň etdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy, türkmen alabaýlaryny öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.