logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy golaýda Aşgabat şaherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde “Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagy” atly söhbetdeşligi geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň ähmiýeti hakynda, bu watançylyk sapagynyň ähli ýaşlary täze taryhy eýýamda ýurdumyzy gülledip ösdürmekde amala aşyrylýan beýik işlere, ösüşlere mynasyp goşantlaryny goşmalydygy barada durup geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.