logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söhbetdeşlik geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw – terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli çagalar bölümi bilen bilelikde guramagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Bu günki günde çagalar bakja baglary ene-atalaryň ýakyn ýardamçylary bolýarlar. Esasan hem olara çaga terbiýesinde ýakyndan ýardam berip, terbiýeçiler çaganyň irki ösüşi barada pikirlerini beýan edýärler. Bu bolsa ene-atalaryň çaga terbiýesinde asylly ýörelgelere, milli terbiýä ýykgyn etmeklerine itergi berýär. Ata-enäniň çagalar bilen alyp barýan işleriniň, okap berýän çeper eserleriniň, halk döredijilik eserleriniň görnüşleriniň sapaklarda ulanylmagy, olary körpeleriň ýadyna salmagyna, gaýtalamagyna, öwrenen maglumatlarynyň berkemegine ýardam edýär. Munuň özi çaga terbiýesinde alnyp barylýan işleriň täsirliligini ýokarlandyrýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda körpelere “Haýyrly hazyna” atly hekaýany gürrüň berildi. Bu bolsa has hem çagalara kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.