Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde Aşgabat teleýaýlymynyň “Ak şäherim Aşgabat” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Ähliumumy ösüşde zenanlaryň orny” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Ene hüwdüsine siňen parahat durmuş, asuda asman arzuwunyň hasyl bolan ýurdunda geçirilýän forumlardyr, dialoglarda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny, ony has hem berkitmekligiň mümkinçilikleri dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Türkmen gelin-gyzlary telekeçilikde mynasyp hyzmatlary bilen dünýä çykýarlar. Saglygy goraýyşda, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekde yhlasly zähmeti bilen tapawutlanýarlar. Ine şular dogrusynda hem söhbetler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlaryň hukuklarynyň ilerlemeginde, olaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde halkara guramalar bilen möhüm forumlary geçirmeklikde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.