Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Alabaýlar köp asyrlyk taryhymyz” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp eserinde onda örän çeper we sada dilde wakalar beýan edilen, ajaýyp suratlar bilen bezelen. “At myrat”, “It geldi, gut geldi”, “Itim-gutum” diýen myrat we bagt bilen baglanşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdarlygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriniň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar.
Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.