logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Ýaşlyk säheri” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Garaşsyzlyk we kitaphanalar” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda kitaphana ulgamy düýpli kämilleşdirildi we täze ösüş basgançagyna çykdy. Bu günki günde mermer binalary bilen gözüňi dokundurýan köp sanly döwrebap kitaphanalar halkymyzyň ruhy hazynasyna öwrüldi. Sanlylaşdyrmak we elektron kitaphanalar hem garaşsyzlyk ýyllarynda uly derejä ýetdi. Kitap gaznalary elektron görnüşe geçirildi, okyjylar üçin sanly kataloglary we internet üsti bilen maglumat almagy ýola goýýan döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryldy. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitap we kitaphana işinde döwür bilen sazlaşykly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.