logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäher häkimliginiň Medeniýet toplumynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmekliginde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Zenanlar dialogy: parahatçylyk, durnukly ösüş, röwşen geljek” atly söhbetdeşlik geçirdi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeginde ýerleşýän Kongresler merkezinde geçirilen “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogynda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly garalan meseleler we olaryň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Forumda maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak boýunça beýan edilen tekliplerdir, başlangyçlar barada hem buýsançly gürrüňlere orun berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlar baradaky, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda deňligi üpjün etmeklikde beýik işleri amal edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.