Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda ýakynda rus klassyky şahyry Nikolaý Alekseýewiç Nekrasowyň doglan gününiň 205 ýyllygy mynasybetli “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebinde «Watany wasp eden şahyr» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda okuwçylara şahyr N.A.Nekrasowyň ömri we döredijiligi, rus edebiýatynda tutýan orny, watançylyk temasyndaky eserleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem, şahyryň döredijiliginiň ýaş nesliň ruhy we ahlak taýdan terbiýelenmegindäki ähmiýeti bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ýokary ahlakly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.