logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söhbetdeşlik geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Nesil terbiýesi” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin uly işler amala aşyrylýar. Her bir halkyň geljegi onuň ýaş nesillerine baglydyr. Nesil ata-babalaryň ýoluny dowam etdiriji, ýurduň döredijilik güýji we döwletimiziň daýanjydyr. Şonuň üçin ýaşlary dogry terbiýelemek jemgyýetiň öňünde duran iň möhüm wezipe bolup durýar. Terbiýe diňe maşgalada däl, eýsem, jemgyýetde, mekdeplerde, jemgyýetçilik guramalarynda hem dowam edýär. Çaganyň ilkinji mekdebi onuň öýidir. Ene-atanyň sözleri, hereketleri, ýaşaýyş ýörelgesi çaganyň kalbynda yz galdyrýar. Nesil terbiýesinde milli mirasymyza, ahlaklylyk ýörelgelerine, zähmetsöýerlige, ynsanperwerlige aýratyn orun berilýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanada ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.