logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SÖHBETDEŞLIK

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetinde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän günlerinde biziň Şekillendiriş sungaty muzeýimizde hem «Miras» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri Röwşen Maksatmyradow, sanly ulgamlar boýunça esasy hünärmeni Täjinar Allanurowa, şeýle hem muzeýiň esasy hünärmenleri Aýjemal Gatyýewa, Altynaý Esenowa dagylar gatnaşdylar. Gepleşige gatnaşanlar gepleşigiň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkymyzy Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.