logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ŞÖHRAT BOLSUN WATAN GAHRYMANLARYNA!

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli «Şöhrat bolsun Watan gahrymanlaryna!» ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çärede çykyş eden kitaphana hünärmenleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýylýan sarpanyň örän ýokarydygy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler watany beýgeldýär» atly kitabyndaky «Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir. Munuň-da sebäbi, Watan söýgüsi soňlanýan däldir. Watana söýgi hemişe joşup duran mukaddes duýgudyr. Şeýle bolanlygy üçinem, diňe mertler, Watanyň mert ogullary Watany beýgeldýärler. Köňli nurly Watan ogullaryna şöhrat bolsun!» diýen parasatly setirleri ýaşlary watançylyk ruhynda terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bardyr. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi we gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, watandaşlarymyzyň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!» diýip örän jaýdar belläp geçýär. Bu günki gün türkmen halkymyz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygyny uludan baýram edip belleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen zenanlary uruş ýyllarynda Goranmak gaznasyna köp mukdarda gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, hakyky watansöýüjiligini, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydyklaryny görkezdiler. Beýik watançylyk urşunyň gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan Türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan «Hatyra» we «Şöhrat» atly köp jiltli kitaplarda ebedileşdirildi. Däp bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda Ýeňiş güni mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna sowgatlar gowşurylýar. Şeýle beýik, asylly işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty, taýsyz tagallalary ýatandyr.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy parahat we erkana durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

Maral NURYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri