logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞÖHRAT-ŞANY DÜNÝÄ DOLAN,ARKADAG SERDARLY WATAN!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylymyzyň «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Şöhrat-şany dünýä dolan, Arkadag Serdarly Watan!» ady bilen dabara geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylymyzda alnyp barylýan beýik işler, halkara derejesinde we sebitde geçirilýän dürli çäreler, dürli halkara maslahatlar, ylymda-bilimde, milli medeniýetimizde we sungatymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygyny nygtadylar.