Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Çynar” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Şöhratly geçmişe syýahat” atly söhbetdeşlikli duşuşygy geçirdi.
Kitaphana hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyndan Seýit Jemaleddin metjidi hem-de onyň taryhy ähmiýeti barada täsirli maglumatlary gürrüň berdiler. Tomusky dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller hem şol ajaýyp maglumatlardan täsirlenip gadymy ýadygärliklerimiziň şekillerini öz elleri bilen ýasap, gadymy ymaratlaryň şol döwürlerde peýdalanyş aýratynlyklary barada düşünjelerini baýlaşdyrdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar umumyadamzat swilizasiýasynda öz taryhy ýadygärliklerimiziň eýeleýän orny barada ylmy maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin öwrenmeklige uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.